BMW öz ştab-kwartirasynyň şekilindäki çüýşede atyr çykardy

  • 09.05.2025 09:31
  • 7.6k+

Germaniýanyň BMW awtokonserni öz önümleriniň hataryny giňeldýär. Kompaniýa iki sany täze atyr hödürledi – Amberness we Bergamood.

Bu hoşboý yslar Widal maşgalasyna degişli bolan Mavive italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Kompaniýa eýýäm 120 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär we 90-dan gowrak ýurtda wekilçilik edýär. Täze atyrlary döretmegiň üstünde meşhur parfýumerler Frank Fýolkl we Aleksandra Mone işledi.


Amberness fransuz muskat şalfeýini, gwatemala kardamonyny, italýan bergamotyny we müsür geranyny birleşdirýär. Şeýle-de, onuň düzüminde madagaskar wanili, indoneziýa paçulisi we gaiti wetiweri bar.


Bergamood gülgüne burçuň goşulmagy bilen italýan bergamotynyň we mandariniň yslaryndan başlaýar. Şeýle-de, oňa lawanda, petigren, likwidambar we muskus goşulýar.
Atyrlaryň çüýşeleri minimalistik stilde dury aýnadan taýýarlandy. Olaryň silindr şekili BMW-niň Mýunhendäki ştab-kwartirasynyň binasyny görkezýär. Gara gapakda brendiň logotipi şekillendirilýär, atlary bolsa ak etiketkalarda görkezilen.
Hoşboý yslar maý aýynda satuwa çykar. Olary aýratyn parfýum dükanlarynda, BMW Lifestyle saýtynda we käbir resmi dilerlerde satyn almak bolýar.
Atyrlaryň bahasy 50 ml üçin 62 ýewro we 100 ml üçin 85 ýewrodyr. 


01.06.2026 10:57
3.1k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....