Şotlandiýada iň gadymy futbol meýdançasy tapyldy. Onda 1600-nji ýyllarda oýnapdyrlar

  • 09.05.2025 09:40
  • 7.8k+

Şotlandiýada Solueý-Fert aýlagynyň golaýynda iň gadymy futbol meýdançasynyň galyndylary tapyldy. Bu barada sport taryhçysy, Şotlandiýanyň futbol muzeýiniň esaslandyryjysy Ged O’Braýene salgylanyp, Independent habar berýär.

O’Braýen 1600-nji ýyllaryň başynda ruhany Semýuel Ruterford tarapyndan ýazylan haty tapdy. Onda Ruterford dindarlardan top oýnamagy gadagan etmek üçin meýdançada daşlary goýmagy haýyş edipdir. Taryhçynyň pikiriçe, adamlaryň ýekşenbe günleri futbol oýnamak islegini ruhany halamadyk bolsa gerek.


Daşlar häzirem meýdançada dur. Topragyň seljermesi olaryň hatyň ýazylan wagty ýerleşdirilendigini tassyklady. Independent-iň maglumatlaryna görä, 1600-nji ýyllarda futbol tertipsiz we ýowuz oýun bolupdyr. Onlarça oýunçy top hökmünde doňzuň peşew haltasyny ulanyp, şäherde ylgapdyr. Ýöne Ruterfordyň haty şol döwürler has guramaçylykly oýunlaryň hem geçirilendigini görkezýär. Ýagny, adamlar dynç günleri meýdança ýygnanyşypdyr.
Tapyndy 1863-nji ýylda oýnuň resmi düzgünlerini kesgitlän Angliýanyň Futbol assosiasiýasy döredilmezden iki asyr öň Şotlandiýada guramaçylykly futbolyň oýnalandygyny tassyklaýar.
Şol bir wagtyň özünde, Ged O’Braýen XVII asyryň oýnunyň näderejede häzirkizaman futbolyna meňzeş bolandygyna baha bermekçi däldigini aýtdy. “Bu häzirkizaman dünýä futbolynyň atasy” – diýip, ol belledi. 


düýn 21:24
2k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

18.05.2026 14:49
4k+

Nýu-Jerside DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda bir köçä Messiniň ady dakyldy

Berkli-Haýts şäherçesindäki (Nýu-Jersi ştaty) Şerman-awenýu köçesiniň bir bölegine wagtlaýyn «Lionel Messi ýoly» ady berildi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu köçäniň adynyň hemişelik üýtgedilmegi......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....