Britaniýaly aýal dynç güni işden boşadylandygy üçin kompaniýadan 33 müň dollar öwez tölegini aldy

  • 09.05.2025 10:04
  • 10k+

Beýik Britaniýada bir aýalyň işden boşadylmagy onuň hukugynyň kemsidilmegi hökmünde ykrar edilenden soň, kazyýetiň karary bilen iş beriji kompaniýa şol aýala 25 müň funt sterling (takmynan, 33 müň dollar) öwez tölegini tölemäge borçly edildi. Bu barada «The Telegraph» habar berýär.

Joann Nil dynç güni işden boşadyldy. Oňa garaşylmadyk ýagdaýda, wideoaragatnaşyk arkaly ýygnak boýunça bildiriş geldi. Şol ýygnakda ýolbaşçysy onuň işden boşadyljakdygyny aýtdy. Oňa sorag bermäge ýa-da bu karara garşy çykmaga hiç hili mümkinçilik berilmedi.
Nil kazyýete ýüz tutdy. Günorta Londonda geçirilen kazyýet diňlenşiginde onuň şeýle ýagdaýda işden boşadylmagynyň onuň psihiki ýagdaýyna ýaramaz täsir edendigi anyklanyldy. Kazy Liz Ord gysga duýduryşlaryň we düşündirişleriň bolmazlygynyň Nili kyn ýagdaýa düşürendigini aýtdy.
Mundan ozal, 2022-nji ýylda Joann saglyk ýagdaýy sebäpli, hepdede iki gün öýünden işlemek üçin rugsat sorapdy, emma ýolbaşçylyk düzümi bu haýyşy ret edipdi. Şeýle hem onuň saglyk ýagdaýy sebäpli rugsada çykmagy hem çäklendirilipdi.
Kazyýetiň kararyna görä, onuň işden boşadylmagy iş tertibi bilen baglanyşykly bolup, jyns taýdan kemsidilme hökmünde kesgitlenildi. Kararda aýallaryň, köplenç, doly däl iş wagtynda (part-time) işleýändigi aýdylýar we Niliň meselesinde diskriminasion häsiýetiň bardygy bellenilýär.
Indi kompaniýa oňa ýetiren ruhy zyýany sebäpli, şeýle-de girdejisinden mahrum bolandygy üçin öwez tölegini tölemeli.


16.05.2026 22:44
6.1k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
946

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......