Hyundai ABŞ-da awtomobil ýygnamak üçin müňlerçe gumanoid robotlary işleder

  • 08.05.2025 16:42
  • 4.7k+

Hyundai Jorjiýa ştatyndaky Metaplant America zawodynda adam şekilli Atlas robotlaryny ulanyp başlar. Bu iki aýakly maşynlar Boston Dynamics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we öň adamlar tarapyndan ýerine ýetirilen işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenýär.

Geçen aý awtoöndüriji Boston Dynamics-den on müňlerçe şeýle roboty satyn almak kararyna geldi. Ol bu kompaniýany 2021-nji ýylda SoftBank-dan satyn aldy.
Häzir kompaniýa eýýäm dört aýakly Spot robotlaryny senagat barlaglaryny geçirmek üçin ulanýar. Şeýle-de, Jorjiýadaky zawodda gurnama hataryna iberilmezden ozal awtomobilleriň gapylaryny aýyrýan robot we prosesiň ahyrynda gapylary ýerine oturdýan robot ulanylýar.
Hyundai näçe sany Atlas robotynyň ulanyljakdygyny we olaryň haýsy işleri ýerine ýetirjekdigini aýtmaýar. Ýöne kompaniýa dünýädäki beýleki zawodlarynda hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin robotlaryň ulanylyşyny giňeltmek isleýär.
Awtomatizirleme Hyundai-yň ABŞ-daky 21 mlrd dollarlyk maýa goýum meýilnamasyna girýär. Olardan 6 mlrd dollar innowasiýa, awtomatizirlemä we strategiki hyzmatdaşlyga gönükdirilýär.
Kompaniýanyň şeýle çözgüdiniň ýene bir sebäbi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan awtomobil importlaryna girizilen nyrhlar boldy. Hyundai-yň global satuwynyň geçen ýyl 2% azalandygyna garamazdan, ABŞ-da ol 4% ýokarlanyp, 1,9 mln awtomobil boldy.
Indi kompaniýa ABŞ-da önümçiligi ýylda 1,2 mln awtomobile çenli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu 2024-nji ýylda garaşylan 700 000 awtomobil derejesinden 70% köpdür. Şeýle-de, Alabamadaky zawody giňeltmek göz öňünde tutulýar.  


düýn 10:41
2k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.3k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....