Hindistan sagatda 28,8 müň km tizlikde emeli hemralaryň “duelini” üstünlikli synag etdi

  • 08.05.2025 15:56
  • 2.2k+

Hindistanyň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) SpaDeX missiýasynyň çäklerinde özboluşly synag geçirdi. Iki emeli hemra, SDX 01 we SDX 02, 470 km belentlikde sagatda 28,8 müň km tizlik bilen hereket edip, golaýlamak manýowryny ýerine ýetirdi.

Kosmosda "dueli" simulýasiýa edýän bu synag ilkibaşda meýilleşdirilmändi. Ol ýangyjyň artyp galmagy sebäpli mümkin boldy.
Emeli hemralar 2023-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Şriharikota kosmos portundan uçuryldy. Birleşmek 16-njy ýanwarda, bölünip aýrylmak 13-nji martda geçirildi. Hindistan şeýle tehnologiýany özleşdiren dördünji ýurt boldy. ISRO-nyň başlygy takyk uçuşlaryň we orbitany netijeli dolandyrmagyň her bir emeli hemrada 2,5 kg ýangyjy tygşytlamaga we missiýalaryny uzaltmaga mümkinçilik berendigini aýtdy.
Atma Nirbhar Soch seljeriş merkeziniň esaslandyryjysy, dynç alşa çykan brigada generaly Anşuman Narang bu synaga ýokary baha berdi.

"Bu kosmos tutluşygy ISRO-nyň häzirki zaman tehnologiýalaryny nädip ösdürýändigini görkezýär. Öňdebaryjy hindi tehnologiýasyny ulanyp, kosmosda parahatçylykly robotlaryň görkezilmegi – bu örän ajaýyp"- diýip, ol teswir berdi.

Şeýle hem Narang Hindistanyň üstünligini 2024-nji ýylda şuňa meňzeş synag geçiren Hytaýyňky bilen deňeşdirdi. Bu tehnologiýa boşlugynyň arasynyň ýygjamlaşýandygyny bellän ABŞ-nyň kosmos güýçleriniň arasynda alada döretdi.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....