«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň aprel aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

  • 08.05.2025 15:04
  • 939

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň aprel aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.

Žurnalyň täze sanyndaky ilkinji makala «Ýaňlansyn parahatlyk aýdymy!» diýlip atlandyrylýar. Makalada ýaşlaryň hukuklaryny goraýan kanunçylyk namalarynyň käbiri barada gürrüň berilýär. «Ata Watanymyzyň parahatçylyk taglymaty: halkara hyzmatdaşlygynda türkmen çemeleşmesi» atly makalada bolsa «Täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň dostluk, doganlyk, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly halkymyz halkara gatnaşyklarynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Dialog ― parahatçylygyň kepili» taglymatyna berk eýerilýär» diýlip bellenilýär.

Neşiriň täze sanynda rus dilinde berilýän ilkinji makalada Türkmenistan ― BMG gatnaşyklarynyň ähmiýetine we bu gatnaşyklarda ýaşlar babatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär. Şol sahypalardaky iňlis dilinde berlen makalada bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy we ynamy üpjün edýän möhüm binýat hökmünde dünýäde giňden goldanylýandygy beýan edilýär. 
Ýaşlaryň global parahatçylyk diplomatiýasyna goşýan goşandy, olaryň jemgyýetde eýeleýän orny hem-de ynsanperwer ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi «Ýaşlar we parahatçylyk diplomatiýasy» atly makalada öz beýanyny tapypdyr. «Ynsanperwerligiň belent nusgasy» atly makalada bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda howandarlyga mätäç çagalara ýokary hilli lukmançylyk we sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň üpjün edilýändigi aýdylýar. 

Milli sungatymyzyň ýurdumyzda we bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmekdäki orny baradaky pikirler neşirdäki indiki makalanyň süňňüni düzýär. Awtoryň esasy ylham çeşmesi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sungaty barada döreden eserleri. Elektron neşiriň ýaş alymlaryň ylmy gözleglerine bagyşlanan makalalar tapgyry onuň ýörite sanynda hem dowam etdirilýär. 
«Mukam mähribanlygynyň güýji» atly täsirli makalada türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk, agzybirlik we döwletlilik ýörelgeleriniň edebiýatdaky beýany barada gürrüň edilýär. Neşiriň şu sanyndaky goşgular hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanypdyr.
Rus dilinde paýlaşylan indiki makalada Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda ýaşlar syýasaty ugrundaky dostlukly we ynanyşmakly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtalýar. «Dostlukly hyzmatdaşlygyň «deňiz derwezesi» atly makalada bolsa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýurduň halkara ykdysady gatnaşyklarynda möhüm köpri wezipesini ýerine ýetirýändigi beýan edilýär. 
«Parahatçylyk binalary görner» atly makalada awtoryň saýlap alan mowzugy okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Makalada ýurdumyzda we Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna gurlan binalar dogrusynda söhbet açylýar. Şeýle binalaryň hatarynda paýtagtymyzdaky «Abadançylyk», Hindistandaky Täçmahal binalary, Angliýadaky «Big Ben» sagat diňi, Fransiýadaky Eýfel diňi we beýlekiler görkezilip, olar barada okyjylara maglumatlar berilýär. Neşir Awazada geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna hem dessine seslenýär. «Hyzmatdaşlyk arkaly» ösüş atly makalada bu maslahatyň ähmiýetine üns çekilýär. 
Sport parahatçylygyň iň möhüm şahalarynyň biri. Biziň ýurdumyzda-da «Sport arkaly parahatçylyk» ýörelgesine berk eýerilýär. «Sport ― parahatçylyk» atly makalada getirilýän taryhy we döwrebap maglumatlar awtoryň bu pikirini has berkidýär. 
Neşiriň ahyrky sahypalarynda ýerleşdirilen maý aýy bilen bagly täleýnama maý aýynda 12 ýyldyz ýygyndysyna degişli adamlar üçin ýyldyznama görnüşinde çaklamalary berýär. Onda saglyk, iş, maliýe, maşgala gatnaşyklary ýaly durmuş babatdaky ýagdaýlaryň nähili boljagy barada maglumat berilýär. Däp bolşy ýaly, ahyrky sahypalarda «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada hem maglumatlar ýerleşdirilýär.


düýn 16:47
1k+

Parižde türkmen medeniýetiniň we saz sungatynyň agşamy geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pariž şäheriniň «Théâtre de l’Opprimé» teatrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna we Milli bahar baýramyna bagyşlanan medeni-sazly......

07.04.2026 18:56
1.5k+

Tokioda ahalteke bedewlerini dünýä tanatmak meseleleri maslahatlaşyldy

5-nji aprelde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda ahalteke bedewlerini dünýä tanatmaga we atçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň......

07.04.2026 15:21
2.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ähli ýaşaýjylaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady we bu halkara baýramçylygyň jemgyýetiň agzybirligini berkitmekdäki hem-de sagdyn durmuş......

05.04.2026 21:54
3.5k+

«Galkynyş» topary Bakuwda meşhur aýdymçy Emin Agalarow bilen duşuşdy

Tanymal aýdymçy Emin Agalarow Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyk toparyň Azerbaýjana amala aşyran döredijilik saparynyň çäklerinde......