Kanadaly owerkloker DDR5 ýadynyň maglumat geçiriş tizligini rekord derejä – 12 806 MT/s ýetirdi

  • 08.05.2025 13:29
  • 2.3k+

Kanadaly «saltycroissant» lakamly owerkloker DDR5 operatiw ýady üçin maglumat geçiriş tizliginde täze dünýä rekordyny goýdy – 12 806 MT/s. Ol 12 800 MT/s çäginden geçen ilkinji adam boldy.

Rekord «Corsair Vengeance» modullary we «ASRock Z890 Taichi OCF» enelik platasy bilen gazanyldy. Sowatmak üçin suwuk azot ulanyldy.
Ozalky rekord ýady 12 774 MT/s tizlige çenli tizlendiren «bl4ckdot» lakamly owerklokere degişlidi.
«Wccftech» neşiriniň habaryna görä, «saltycroissant» diňe bir ozalky netijeden geçmän, eýsem ozalky taýmingleri hem saklady – CL68-127-127-127-2. Bu bolsa tehniki çylşyrymlylygy we netijäniň durnuklylygyny görkezýär.


Tizlendirmek üçin «Intel Core Ultra 7 265K» prosessory ulanyldy. Netijeler CPU-Z programmasynda barlanyp, resmi tassyklama üçin HWBot platformasyna ýüklendi. ASRock kompaniýasy hem bu rekord barada X sosial ulgamyndaky resmi hasabynda mälim etdi we özleriniň enelik platasynyň owerklokerler üçin öňdebaryjy çözgüt bolup galýandygyny belledi.
Hünärmenleriň pikirine görä, ýakyn wagtda täze rekordlaryň hem bolmagy mümkin. Emma 13 000 MT/s çäginiň geçilmegi üçin, goşmaça tehniki tagallalar gerek bolar.
Häzirki wagtda ýokary tizlikli DDR5 operatiw ýadyny öndürýän öňdebaryjy brendleriň hatarynda Corsair, G.Skill we V-Color bar. Olaryň modullary rekord goýmakda gaty köp ulanylýar.


09.01.2026 11:28
6.3k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.5k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.7k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...

11.12.2025 09:36
1.2k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr...