iPhone 17 Air zarýad berýän daşlyk bilen çykarylar

  • 08.05.2025 13:47
  • 5.9k+

Täze iPhone 17 Air-iň juda inçejik dizaýny, ähtimal, batareýanyň işleýiş wagtynyň gysgalmagyna sebäp bolar. «The Information» neşiriniň çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, bu smartfony bir günläp zarýadsyz ulanmak kyn düşer. Şonuň üçin Apple bu model üçin içine goşmaça batareýa ýerleşdirilen ýörite daşlyk çykarmagy meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, çeşmeler bu enjamda diňe bir ses çykaryjynyň we kameranyň boljakdygyny hem-de SIM karta üçin slotuň bolmajakdygyny aýdýarlar.
Apple täze modeliň adaty däl aýratynlyklary sebäpli, uly isleg döredip-döretmejegine entek ynanmaýar. Şonuň üçin kompaniýa iPhone 17 Air-i öndürmek üçin, öz önümçilik kuwwatynyň diňe 10%-ini bölüp beripdir.
Täze enjamyň tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda bolmagyna garaşylýar. Apple şol wagt iPhone-yň başga wersiýalaryny hem görkezmegi meýilleşdirýär.


21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....