Ylmy barlag okan wagtyň beýniniň teksti nähili işleýändigini görkezdi

  • 08.05.2025 11:48
  • 2.6k+

Okamak adama dünýägaraýşyny giňeltmäge, täze zatlary öwrenmäge we durmuşy meseleleri çözmäge kömek edýär. Ol bilim, iş we hatda ruhy sagdynlyk üçin hem möhümdir. Maks Plank adyndaky Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň hünärmenleri okan wagtyň beýniniň nähili işleýändigini, onuň haýsy bölekleriniň has işjeň bolýandygyny öwrenmek kararyna geldi diýip, Medical Xpress habar berýär.

Ylmy barlag okamaga we ýazmaga beýniniň çep ýarym şarynyň we beýnijigiň jogap berýändigini görkezdi.
Olar neýrowizuallaşdyryş usullaryny ulanmak bilen geçirilen 150 ylmy barlagy seljerip, harplary, sözleri we tekstleri gaýtadan işlemegiň çep ýarym şaryň bellibir böleklerini işjeňleşdirýändigini anyklady. 
Mysal üçin, haçan-da biz harplary tananymyzda ýeňse böleginiň çep bölegi işleýär. Haçan-da sözleri ýa-da tekstleri okanymyzda, beýniniň goşmaça zolaklary işjeňleşip başlaýar.


Eger biz sesli okasak, onda beýni sesler we hereketler bilen baglanyşykly bölekleri işjeňleşdirýär.
Sözleri we “manysyz harplar toplumyny” içiňden aýdanyňda, çep maňlaý bölegi, çekge bölegi we beýnijik reaksiýa berýär. Sözüň manysyna düşünmek üçin ýumuşlar bolsa beýniniň iki bölegini-de, aýratynam, aşaky maňlaý we merkezi bölekleri işjeňleşdirýär.
Bu netijeler okanyňda beýniniň nähili işleýändigine has gowy düşünmäge kömek edýär. Olar okamakda kynçylyk çekýän, mysal üçin, disleksiýasy bolan adamlara kömek etmegiň usullaryny işläp taýýarlamak üçin möhümdir. 


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......