Ýaponiýada ýaşy 2,6 mln ýyl bolan gadymy kebelek tapyldy: onuň 9 sm ganatlary bolupdyr

  • 08.05.2025 12:12
  • 2.3k+

Alymlar Ýaponiýada ozal näbelli kebelegiň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Bu tapyndy Osakadan, takmynan, 180 km uzaklykda, Hiogo prefekturasynyň Sin’onsen şäherçesinde ýüze çykaryldy. Kebelegiň ganatynyň gerimi dokuz santimetre ýetipdir. Bu irki pleýstosen eýýamynda (2,6 – 1,8 mln ýyl ozal) ýaşan belli bolan kebelekleriň arasynda iň ulusydyr.

Täze görnüş bu galyndylary ilki gören Kiýosi Kamitaniniň hormatyna Tacola kamitanii diýlip atlandyryldy. Kebelek baradaky makala Paleontological Research žurnalynda neşir edildi.
Bu görnüş häzirkizaman öýküniji kebelekleri, mysal üçin, admirallary we wise-şalary öz içine alýan Limenitidini maşgalasyna degişlidir. Öň bu toparyň ýekeje wekiliniň-de daşa öwrülen galyndysy tapylmandy.
Ylmy gözlegçiler tapylan kebelegiň urkaçy bolandygyny öňe sürýär. Muny kebelegiň uly garny görkezýär. Şeýle tapyndylar, adatça, toprakda saklanmaýan kebelek ganatlarynyň näzikligi we bedeniniň ýumşaklygy sebäpli örän seýrekdir.
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, kebelek pliosen döwründen pleýstosene geçilen döwürde ýyly ýa-da aram klimatda ýaşapdyr. Bu açyş Tacola nesliniň ýaýrawy baradaky maglumatlary giňeldýär – indi onuň diňe bir Günorta-Gündogar däl, eýsem Gündogar Aziýada hem ýaşandygy belli boldy.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......