Türkmenistanly Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy

  • 07.05.2025 15:08
  • 20k+

Türkmenistanyň wekili Anamjan Rustamowa Peruda geçirilýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda altyn medal aldy. Çempionat Lima şäherinde 1-6-njy maý aralygynda geçirildi.

Anamjan Rustamowa ýaşlaryň arasynda 87 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, umumylykda 249 kilogram (silterläp götermekde 108 kg, itekläp götermekde 141 kg) netije görkezdi. Kümüş medaly 244 kilogram (109 + 135) netije bilen meksikaly Wanessa Lizarraga, üçünji ýeri bolsa umumylykda jemi 242 kilogramy (108 + 134) eýgeren russiýaly Mariýa Gruzdowa eýeledi.
Anamjan Rustamowa öň hem halkara ýaryşlarynda ýeňiji boldy. 2022-nji ýylda ol birbada iki sany ýaş kategoriýasynda - 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda we 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy.
2023-nji ýylyň dekabrynda A.Rustamowa Agyr atletika boýunça Dohada (Katar) Gran-pri tapgyrynda kümüş medal aldy. 2024-nji ýylda Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.


şu gün 07:49
2.3k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
4.9k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......

22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......