Toyota 1987-nji ýylyň modelinden ylham alyp döreden 2026-njy ýylyň Corolla FX hetçbegini hödürledi

  • 07.05.2025 14:09
  • 10k+

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýyl «Corolla FX» hetçbegini hödürledi. Onuň dizaýny üçin 1987-nji ýylda çykarylan «Corolla FX16» modelinden ylham alnypdyr diýip, «Carscoops» habar berýär.

Täze model 18 dýuýmlyk ak diskler, gara spoýler we bagažyň gapagynda retro logotip bilen enjamlaşdyryldy. Bu model tehniki taýdan şol bir asma ulgamy we güýç gurluşy bilen adaty «Corolla» ýaly.
Awtoulag 169 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji bilen üpjün edilen. Geçiriş karobkasy – wariator görnüşli.

Salonynda zamşa bilen örtülen, mämişi tikinli sport oturgyçlar bar. Şeýle-de 7 dýuýmlyk sanly gurallar paneli we multimediýa ulgamynyň 8 dýuýmlyk ekrany oturdylan. Simsiz zarýad beriji we «Toyota Safety Sense 3.0» howpsuzlyk ulgamy hem elýeterli.
«Corolla FX 2026» çäkli nusgada çykarylar – jemi 1600 sany öndüriler. Bahasy heniz mälim edilmedi. Deňeşdirsek, 2025-nji ýyl «Corolla SE» hetçbeginiň esasy görnüşiniň bahasy 23 müň 780 dollardan başlaýar.




24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......