Bundestag ikinji synanyşykda Fridrih Mersi Germaniýanyň kansleri saýlady

  • 07.05.2025 14:01
  • 3k+

Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikleriniň (HDB/HSB) blogunyň lideri Fridrih Mers resmi taýdan Germaniýanyň kansleri boldy. 6-njy maýda Bundestag ikinji synanyşykda onuň dalaşgärligini tassyklady diýip, Deutsche Welle habar berýär.

Mersi HDB/HSB-den dalaşgär hökmünde gerek bolan 316 deputatdan 325 deputat goldady.
6-njy maýda geçen ses berişligiň birinji tapgyrynda Merse sesleriň aglaba köplügini gazanmak başartmady. Ol 310 ses aldy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, bu GFR-iň taryhynda şular ýaly ilkinji ýagdaý boldy.
Mers ýurduň taryhynda onunjy kansler boldy. Ol Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (GSDP) bilen koalisiýa hökümetine ýolbaşçylyk eder.
Bir gün öň, 5-nji maýda Berlinde Olaf Şols dabaraly ýagdaýda kansler wezipesinden ugradyldy. GFR-iň goranmak ministrliginiň howlusyndan fakelli harby esgerler geçdi.


Şols, däbe eýermek bilen, özi üçin ýaňlanar ýaly üç aýdym saýlady. Ilkibaşda The Beatles-iň “In My Life” aýdymy ýaňlandy (Şols Gamburgyň häkimi boldy, bu ýerde topar karýerasynyň başynda çykyş edipdi). Soňra orkestr Bahyň Ikinji Brandenburg konsertinden bir bölegi ýerine ýetirdi: Şols Brandenburg topragynyň paýtagty bolan Potsdamda ýaşaýar. Şondan soň Areta Frankliniň “Respect” aýdymy ýaňlandy, çünki “hormat” 2021-nji ýylda Şolsuň saýlawdan öňki kampaniýasynyň esasy sözi bolupdy.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

18.06.2026 10:26
783

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

22.02.2026 12:31
7.3k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär...

12.02.2026 15:05
2.1k+

Türkmenistanyň wekilleri germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

11-nji fewralda Berline saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy...