Dark Cosmos reňkli Toyota Camry 2026 sedanynyň interýeri görkezildi

  • 06.05.2025 11:44
  • 20k+

Toyota 2026-njy model ýylynyň Camry ulagy barada giňişleýin maglumatlary berdi. Bu ulag indi SE, XLE we XSE wersiýalarda kuzowyň täze Dark Cosmos – “öçügsi gök” reňkinde hödürlenýär. Bu reňk ýakynda hödürlenen Nightshade wersiýasy üçin elýeterli däldir.

Kompaniýanyň resmi saýtynda awtomobiliň salonyny we kapotyň aşagyny görkezýän suratlar ýerleşdirildi. Interýerde köp sanly fiziki düwmeler ulanylypdyr.







Geçen hepde ýapon awtoöndürijisi Camry 2026 Nightshade Edition ulagyny hödürledi – bu wersiýa Midnight Black Metallic reňkinde gara radiator gözenegi, gapdal aýnalary we 19 dýuým tigirleri bilen tapawutlanýar. Alyjylara kuzowyň üç reňki elýeterli: ak, gyzyl we gara.
THS 5 gidrid ulgamy 225 at güýjüni (FWD) ýa-da 232 at güýjüni (AWD) berýär, model sport asgyjyna (podweska) we gara SofTex materialy bilen üpjün edilen salona eýe boldy. Ýangyjyň sarp edilişi hatda doly herekete getirijili wersiýada hem 100 km üçin 5,1 l barabar.
Täze sedan şu tomus ABŞ-da satuwa çykar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......