ABŞ 2030-njy ýyla çenli HKS-iň ulanylyşyny bes eder we täjirçilik stansiýalaryna geçer

  • 06.05.2025 10:24
  • 2k+

ABŞ-nyň administrasiýasy 2030-njy ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasynyň ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň 2026-njy ýyl üçin býujet taslamasynda aýdylýar.

Resminama görä, HKS üçin çykdajylar 508 mln dollar azaldylar. Bu ekipažyň sanynyň we ylmy gözlegleriň möçberiniň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. NASA serişdeleri HKS-iň işi tamamlanandan soň onuň ornuny tutjak täjirçilik orbital stansiýalaryny döretmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär.
Ak tamda NASA-nyň Aýy we Marsy özleşdirmek üçin halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyga üns berjekdigi aýdylýar. Stansiýany ulanylyşdan aýyrmagyň gutarnykly möhleti heniz tassyklanmadyk. ABŞ 2030-njy ýyly göz öňünde tutýar, Russiýa bolsa taslamany eýýäm 2028-nji ýylda ýapmagy meýilleşdirýär.
HKS 1998-nji ýylyň 20-nji noýabryndan bäri orbitada ýerleşýär. Ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde ol kosmosda ylmy tejribeler üçin iň uly halkara platformasyna öwrüldi.
Taslama bäş esasy hyzmatdaş gatnaşýar: ABŞ, Russiýa, Kanada, Ýaponiýa, şeýle-de Ýewropa kosmos agentligi. Bu agentligiň düzümine bolsa Belgiýa, Germaniýa, Daniýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Norwegiýa, Fransiýa, Şwesiýa we Şweýsariýa girýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....