Microsoft şu gün Skype-y hemişelik ýapýar. Messenjer 22 ýyllap işledi

  • 05.05.2025 22:37
  • 3.5k+

2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan başlap, Skype öz işini doly bes edýär. Messenjeriň eýesi bolan Microsoft korporasiýasy bu barada ulanyjylara öňünden duýduryş beripdi.

Ulanyjylara iki mümkinçilik hödürlenýär: olar ähli kontaktlaryny we hasaplaryny saklap, Teams programmasyna geçip bilerler ýa-da hatlarynyň arhiwini göçürip alyp bilerler.
Skype – iň köne messenjerleriň biridir. Ol ilkinji gezek 2003-nji ýylda estoniýaly topar tarapyndan, Tele2 şwed kompaniýasynda işlän Niklas Zennstrem bilen Ýanus Friisiň gatnaşmagynda döredilipdi. Microsoft 2011-nji ýylda messenjeri 8,5 milliard dollara satyn alypdy.
Messenjer iň ýokary meşhurlyk döwründe, aýda 300 million ulanyja hyzmat edipdi we internet arkaly aragatnaşyk guramak üçin giňden ulanylýan gurallaryň birine öwrülipdi.
Korporasiýa hasaplary Teams-e geçirmek üçin ýörite görkezmeleri hem hödürledi we ähli maglumatlaryň goragly saklanjakdygyna kepil geçýär. Skype-yň ýapylmagy bu messenjeri şahsy hem-de iş maksady bilen ulanýan millionlarça adam üçin möhüm waka boldy.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
886

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...