Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäniň iň uly we iň kiçi itleriniň arasynda duşuşyk geçirdi

  • 05.05.2025 12:16
  • 13k+

Ginnesiň rekordlar kitaby dünýäniň iň uly we iň kiçi itleriniň arasynda geçen duşuşygyň suratyny çap etdi. Haýwanlar ABŞ-nyň Aýdaho-Fols şäherinde duşuşdy.

Ýer togalagynyň iň uly iti - Rejinald lakamly ýedi ýaşly nemes dogy. Onuň poldan gerşine çenli beýikligi 1,007 metr. Dünýäniň iň kiçijik iti - Perl lakamly dört ýaşly çihuahua, onuň boýy 9,14 santimetr. Olaryň arasyndaky tapawut 91,56 santimetr. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri munuň, takmynan, beýsbol taýagynyň ýa-da akustiki gitaranyň uzynlygy ýalydygyny bellediler.


Perl, müçesiniň kiçijikdigine garamazdan, güýçli häsiýeti bilen tapawutlanýar.

"Boýy kiçijigem bolsa, şahsyýeti uludyr" - diýip, çihuahuanyň eýesi Wanesa Semler gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, Perl hötjet, ýöne mähirli, eşigi gowy görýär we geýjek geýimlerini özi saýlaýar. Beýleki itlere dostlukly garaýar, şonuň üçin Wanesa duşuşyga öňünden tolgunmady.

Rejinaldyň eýesi Sem Jonson öz itiniň hem oňşuklydygyny gürrüň berdi.

"Reji beýleki itler we adamlar bilen gowy oňuşýar. Olary gaty gowy görýär ... Rejinaldyň ady onuň şahsyýeti barada ýalňyş täsir galdyrýar. Ony has haýbatly we tertipli ýaly görkezýär, ýöne ol edil ullakan çaga ýaly. Ol özüni adam çagasy ýaly alyp barýar. Ol juda oýunçyl, gaty sesli "- diýip, Sem pikirini paýlaşdy.

Duşuşyk parahat ýagdaýda geçdi. Perl oýunjak ýaly dogyň penjeleriniň üstünden ylgady. "Bu diýseň gyzykly we tolgundyryjy gün boldy" – diýip, Wanesa belledi. "Olaryň tapawutly taraplaryna garanda, meňzeş taraplary kän " – diýip, Sem onuň sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....