Telegram 200 adama çenli toparlaýyn jaňlary işe girizýär

  • 05.05.2025 07:37
  • 1.7k+

Telegram-yň soňky täzelenmesi ulanyjylara 200 adama çenli gatnaşyjylar bilen toparlaýyn jaňlary hödürleýär. Bu barada messenjeriň esaslandyryjylarynyň biri bolan Pawel Durow özüniň Telegram kanalynda habar berdi.

Jaňa gatnaşjaklary salgylar arkaly, QR-kodlar ýa-da messenjerde gönüden-göni çakylyk bilen goşup bolýar.

«Siz eger bir jaňda 200-denem köp gatnaşyja çykmaly bolsaňyz, Telegram-yň toparlaýyn sesli we wideoçatlary on müňlerçe gatnaşyjyny goldaýar» — diýip, ol ýazdy.

Durow jaňlaryň gowy şifrlenýändigini (end-to-end encryption) we hiç kimiň gizlin diňleýji hökmünde goşulyp bilmezligi üçin, «blokçeýne meňzeş» tehnologiýanyň ulanylýandygyny aýtdy.


18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...