«Jeýms Uebb» häzirki wagta çenli mälim bolan iň sowuk ekzoplanetany açdy

  • 04.05.2025 19:56
  • 3.8k+

«Jeýms Uebb» teleskopy örän sowuk ekzoplanetanyň üstüni açdy. «WD 1856+534 b» belgili ekzoplanetanyň atmosferasynyň temperaturasy −87°C bolup, ol Ýupitere we Saturna meňzeýär diýip, «Space.com» habar berýär.

Alymlar ýaşaýyş üçin zerur bolan şertleriň diňe Gün ulgamynda däl, eýsem, beýleki ýerlerde hem bardygyny-ýokdugyny öwrenýärler. Ýupiter bilen Saturnyň atmosferasy −100°C-den hem sowuk bolýar. Alymlar häzirki wagta çenli şeýle sowuk ekzoplanetany tapmandylar. Şol sebäpdenem täze açyş bu ugurdaky möhüm ädim bolup durýar.
«WD 1856+534 b» diýlip atlandyrylýan ekzoplaneta bir ak girdenegiň, ýagny sönüp giden ýyldyzyň töwereginde aýlanýar. Ekzoplaneta öz ýyldyzyndan, takmynan, ýedi esse uly. Bu ýagdaý ekzoplanetanyň öz ýyldyzynyň gyzyl äpet döwründen geçip, daşky gatlagy taşlananda hem ýok bolman, aman galandygyny görkezýär. Bu hem ýyldyz ulgamlarynyň ösüşini öwrenmek üçin möhüm maglumatlary berýär.
Ýene bir gyzykly zat, bu ekzoplaneta, ähtimal, öz ugruny başdaky orbitasyndan üýtgeden bolmaly. Munuň nädip beýle bolandygy entek düşnüksiz bolsa-da, onuň häzirki wagtda ýaşaýyş zolagynda ýerleşýän bolmagy mümkin. Bu ýagdaý bolsa, ol ýerde ýaşaýşyň hem bolup biljekdigini aňladýar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....