ABŞ-nyň kazyýeti Apple-e App Store-dan daşyndaky tölegler üçin tutum almagy gadagan etdi

  • 04.05.2025 14:10
  • 1.6k+

ABŞ-nyň federal kazyýeti Apple kompaniýasyna App Store-dan daşyndaky satyn alyşlar üçin tutum tutmagy gadagan etdi. Bu barada Epic Games tarapyndan başy başlanan iş boýunça gelnen kararda aýdylýar, onuň tekstini The Verge neşiri getirýär.

Kazyýet kompaniýanyň daşarky amallar üçin töleg alyp bilmejekdigini ýa-da alternatiw töleg usullaryna alyp barýan düwmeleri, baglanyşyklary ýa-da dizaýn elementlerini çäklendirip bilmejekdigini aýtdy. Mundan başga-da, Apple-e şeýle tölegleri ynamdan düşürmek gadagan edildi. Diňe bitarap duýduryş bermäge rugsat edilýär. Täze düzgünler şolbada güýje girýär, ýöne kompaniýa appelýasiýada utsa, olara täzeden seredilip bilner.
Kazyýet diňlenişigi mahalynda kazy Iwonn Gonsales Rojers Apple-iň baş direktory Tim Kuky ýalançylykda, ýolbaşçylaryny bolsa 2021-nji ýyldaky kararyna päsgel bermekde aýyplady. Şonda kazyýet Apple-i işläp düzüjilere töleg üçin daşarky baglanyşyklary ulanmaga we 30%-lik tutumdan sowlup geçmäge rugsat bermäge borçly edipdi.
Muňa derek Apple şular ýaly amallar üçin 27%-lik tölegi girizdi we App Store-nyň daşynda töleg etmegiň töwekgelçiligi barada açyk duýduryşlary goşdy.

"Apple bu karary äsgermezlik edip, bilkastlaýyn milliardlarça dollar girdejisini saklap galdy " - diýip, Gonsales Rojers  nygtady. Ol kazyýet materiallaryny ABŞ-nyň Baş prokuraturasyna "kazyýeti sylamazlyk jenaýaty" boýunça barlamaklyga iberdi.
"Biz bu karar bilen düýbünden ylalaşmaýarys we şikaýat ederis" - diýip, Apple-iň metbugat sekretary Oliwiýa Dalton mälim etdi.

Epic-iň baş direktory Tim Suini bu karary “adalata tarap ädilen ädim” diýip atlandyrdy we Fortnite-niň App Store-a gaýdyp geljekdigini habar berdi. Şeýle hem täze düzgünler bütin dünýäde hereket edip başlasa, Apple-e kazyýete şikaýat etmegini  bes etmegi teklip etdi.


09.05.2025 12:33
2.5k+

ABŞ-daky täze kanun taslamasy Apple-a daşarky programma dükanlaryna rugsat bermäge mejbur edýär

ABŞ-da iri sanly platformalaryň, şol sanda Apple bilen Google-yň iş düzgünlerini üýtgedip biljek täze kanun taslamasy hödürlenildi. Bu taslama görä, uly programma dükanlarynyň operatorlary ulanyjylara daşarky programma dükanlaryny enjamlaryna gurnamaga we olary esasy dükana öwürmäge rugsat bermeli bolar diýip, «The Verge» habar berýär...

25.04.2025 16:13
2.8k+

Ýewropa Bileleşigi Apple-e 500 mln, Meta bolsa 200 mln ýewro jerime saldy

Ýewropa Bileleşigi Apple we Meta kompaniýalaryna Sanly bazarlar hakyndaky kanuny (DMA) bozandygy üçin jerime saldy. Apple 500 million, Meta bolsa 200 million ýewro jerime tölemeli edildi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär...

10.04.2025 14:45
7.8k+

Girizilen gümrük paçlaryndan soň ABŞ-da iPhone-laryň satuwy ýokarlandy

Trampyň täze gümrük paçlaryny girizjekdigi barada çykan habarlardan soň, ABŞ-da iPhone-laryň we beýleki Apple enjamlarynyň satuwy ep-esli artdy diýip, «Bloomberg» neşiri ýazýar. Žurnalistleriň anyklamagyna görä...

28.03.2025 06:30
2.4k+

Türkiye Apple babatynda monopolýa garşy derňewe başlady

Ýurduň monopoliýa garşy iň ýokary guramasy bolan Türkiýäniň bäsdeşlik geňeşi Apple babatynda derňew geçirip başlady. Bu barada Reuters habarlar gullugy habar berýär. Amerikan tehnologiýa ägirdi, şeýle hem Destek...