ABŞ-daky täze kanun taslamasy Apple-a daşarky programma dükanlaryna rugsat bermäge mejbur edýär

  • 09.05.2025 12:33
  • 2.7k+

ABŞ-da iri sanly platformalaryň, şol sanda Apple bilen Google-yň iş düzgünlerini üýtgedip biljek täze kanun taslamasy hödürlenildi. Bu taslama görä, uly programma dükanlarynyň operatorlary ulanyjylara daşarky programma dükanlaryny enjamlaryna gurnamaga we olary esasy dükana öwürmäge rugsat bermeli bolar diýip, «The Verge» habar berýär.

Kanunyň taslamasynda gönümel Apple kompaniýasynyň ady agzalanok, ýöne ol ABŞ-da 100 milliondan gowrak ulanyjysy bolan programma dükanlaryny dolandyrýan kompaniýalara gönükdirilýär. Ýagny bu ýagdaý hem App Store-a, hem-de Google Play-e degişli. Taslama görä, işläp düzüjilere öz töleg ulgamlaryny ulanmaga hukuk berilmeli, şeýle-de ulanyjylara enjamda öňünden gurnalan programmalary pozmaga ýa-da gizlemäge mümkinçilik döredilmeli.
Şeýle hem kompaniýalar işläp düzüjilere ähli interfeýs, funksiýa we iş gurallaryna deň derejede, goşmaça tölegsiz elýeterlilik üpjün etmeli. Düzgün bozulmalar üçin, ABŞ-nyň Federal söwda komissiýasy tarapyndan jerime salnar, şeýle-de her bir düzgün bozulma üçin, 1 million dollara çenli raýat sanksiýasy göz öňünde tutulýar.
Belläp geçsek, şeýle kanunlar eýýämden Ýewropa Bileleşiginde güýje girdi. Apple ol ýerde daşarky programma dükanlarynyň gurnalmagyna rugsat bermäge mejbur boldy, şeýle-de işläp düzüjilere daşarky töleg usullaryna baglanyşyk goşmaga mümkinçilik berdi. Google hem Android enjamlary ilkinji gezek açylanda, esasy brauzeri saýlamak üçin ýörite ekran girizdi.
Bu başlangyç ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň respublikan agzasy Ket Kammak tarapyndan öňe sürüldi. Onuň sözlerine görä, uly programma dükanlary ulanyjylaryň maglumatlaryna gözegçilik edýär we olary diňe öz töleg ulgamlaryny ulanmaga mejbur edýär. Bu ýagdaý bahalaryň ýokarlanmagyna, saýlawyň çäklendirilmegine, bäsdeşligiň basylyp ýatyrylmagyna we netijede «innowasiýalaryň saklanmagyna» sebäp bolýar.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......