ABŞ-nyň Zikgehanasy Stiw Jobsly bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny görkezdi

  • 17.10.2025 18:58
  • 5.3k+

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple-iň egindeş esaslandyryjysy we öňki baş direktory Stiw Jobsa bagyşlanan bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny hödürledi.

Teňňede Kaliforniýanyň baýyrlarynda özi üçin adaty bolan obrazda – wodolazkada, jinsde we krossowkada aýbogdaşyny gurup oturan ýaş Jobs şekillendirilýär.
Teňňäniň arka ýüzünde “Täsin bir zat döret” ýazgysy – 2007-nji ýylda Jobsuň miras gaznasy tarapyndan onuň dünýägaraýşyny we mirasyny beýan etmek üçin ulanylan sitata bar.
Teňňe indiki ýyl 13,25 dollar bahadan satuwa çykar. Ony ABŞ-nyň Zikgehanasynyň resmi saýtynda sargyt edip bolýar.
Teňňäniň çykarylmagy 2018-nji ýylda işe girizilen amerikan innowasiýalaryna bagyşlanan federal programma bilen baglanyşyklydyr. Bu taslamanyň çäklerinde her ştat teňňede ebedileşdirmek üçin öz nyşanyny hödürleýär. Mysal üçin, Wiskonsin ştaty 1970-nji ýyllaryň ortalarynda döredilen Cray-1 superkompýuteriniň şekili bolan teňňäni hödürledi.
Stiw Jobsly teňňäni çykarmak pikiri Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusoma degişli. Ol Jobsuň innowasiýalaryň ruhuny we Kaliforniýa üçin mahsus bolan täze bir zada ymtylyşy görkezýändigini belledi.  


19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......