«Golaýdaky dükana gideli» diýmek ýeterlik: BMW ulaglaryna DeepSeek ornaşdyrylar

  • 03.05.2025 11:14
  • 4.6k+

BMW 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginden başlap, awtoulaglaryna DeepSeek emeli aň ulgamyny ornaşdyrmaga taýynlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär.

Kompaniýa meşhur çat-botuň nähili işlejekdigini ozal hem düşündiripdi. DeepSeek BMW-niň akylly şahsy kömekçisine goşulyp, bort kompýuteriniň mümkinçiliklerini has-da giňelder. Bu ulgam sada gepleşik diline düşünip biler. Mysal üçin, «iň ýakyn söwda merkezine azyk almaga gideli» diýip aýtsaňyz, ýeterlik bolar. Şeýle-de ulgam ulanyjynyň maksadyna düşünip, söwda merkezleri boýunça goşmaça maslahatlary hödürlär.
Şeýle hem emeli aň çylşyrymly soraglara düşünip, döredijilikli jogaplary berip biler. Mysal üçin, «ogluma gara girdaplaryň nämedigini hekaýa ýaly edip düşündir» diýseňiz, DeepSeek bu talaba laýyklykda, çaganyň aňyna aňsatlyk bilen girjek, düşnükli, gyzykly hekaýa düzüp, aýdyp berer.
Bu tehnologiýa ilkinji bolup iDrive 9 operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglarda, şol sanda uzaldylan teker aralygy bolan BMW 5 hatarynda, dolulygyna elektrikli BMW i5-de we täze uzaldylan teker aralygy bolan BMW X3 modellerinde peýda bolar.
Geljekde bu ulgamyň BMW-niň beýleki modellerinde hem peýda bolmagyna garaşylýar.


01.06.2026 10:57
2.9k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.4k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....