Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi

  • 02.05.2025 17:03
  • 11k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Geljegi uly bu ugur düýpgöter dürli serişdeleri birleşdirmegiň hasabyna sinergetik netije gazanmak üçin porruk sintetik serişdesini (PSM) kükürt-polimer betondan doýurmak arkaly birleşme döretmekdir.
Teklip edilýän köp düzümli örtük şol bir wagtyň özünde toprak esasly suw desgalarynyň daşarky we içerki çyg goragyny üpjün etmek bilen, ýokary ýelmeşegenlik we berklik häsiýetini görkezýär. Bu usulyň möhüm artykmaçlygy adaty beton bilen utgaşdyrmaga zerurlygyň ýoklugy sebäpli, suwdan üzňeleşdirme işini ýönekeýleşdirmekdir. Bu bolsa örtügiň durnuksyzlyk ýagdaýda geçirilmegine mümkinçilik berýär we serişdeleriň daşalmagyny hem gurnalmagyny ep-esli aňsatlaşdyrýar.
Himiki durnuklylygy çäkli bolan sement betondan tapawutlylykda, kükürt düzümli täze örtük agressiw şertlere zerur durnuklylyga eýedir. Özi-de onuň berkleşmegi üçin zerur wagt ep-esli azalýar, ýagny adaty 28 günüň ýerine bary-ýogy birnäçe gün ýeterlik bolýar. Güýçli suwdan goramak häsiýetleri onuň täsirini çygly topraklarda gurluşyk işleri amala aşyrylanda, has aýdyň ýüze çykarýar.
Mundan başga-da, serişde çalt gatamak (5-10 minutdan 2-3 sagada çenli wagtyň dowamynda adaty güýjüni gazanmak) we gaýtadan işlenmek mümkinçilige mahsusdyr.
Porruk sintetik serişdesi kükürt-polimer betondan doýurmak esasynda birleşen serişde döretmek düşünjesi ýeňilligi, porruklygy, himiki durnuklylygy we çalt gatamagy sebäpli, dürli pudaklarda talap edilýän häzirki zaman gurluşyk we funksional serişdeleri döretmek tehnologiýasyny işläp düzmekde geljegi uly ugurdyr.
Bu ugurda mundan soň hem alnyp baryljak ylmy agtaryşlar gowulandyrylan ulanylyş aýratynlyklary bolan innowasiýa serişdelerini döretmek üçin mümkinçilikler açýar. Tebigy gaz gaýtadan işlenende, emele gelýän kükürdi täze gurluşyk serişdeleri we önümleri öndürilende senagat taýdan ulanmak-da bu usulyň möhüm jähetleriniň biridir.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....