Giza piramidalarynda 51 mln dollara abatlaýyş işleri geçiriler

  • 02.05.2025 13:07
  • 6.6k+

Müsür Giza piramidalarynyň durkuny täzelemek işlerine 51 mln dollar bölüp berer. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti eýýäm birnäçe wagtdan bäri dolandyryşyň pesligi, iriziji söwdagärler, adamlaryň köp bolmagy we haýwanlara ýowuz daralmagy sebäpli tankyt edilýär diýip, DailyExpress habar berýär.

Abatlaýyş işleri bilen Orascom Pyramids Entertainment Services kompaniýasy meşgullanar. Onuň çäklerinde aramgähleri dikeltmek, onlaýn petek ulgamyny ýola goýmak we gelýän adamlar üçin merkezi kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Üýtgetmeler eýýäm başlandy: piramidalaryň çäginden hususy awtomobiller we syýahatçylyk awtobuslary aýryldy. Indi syýahatçylar Giza belentligine Faýum ýoly bilen her bäş minutdan gatnaýan 45 elektrobusda baryp biler. Öň hereket eden Marriott Mena House myhmanhanasynyň golaýyndan giriş indi ýapyk.
People for the Ethical Treatment of Animals (PETA) guramasy ýakynda Gizada haýwanlara ýowuz daralýandygyny anyklady. “PETA piramidalaryň golaýynda atlaryň we düýeleriň yzygiderli urulmagyny, depilmegini, çybyklanmagyny we aç bolmagyny hasaba aldy. Haýwanlary ölýänçä diýen ýaly ýadadýarlar, soňra zibil ýaly derwezeden daşary zyňyp goýberýärler. Giza piramidalary haýwanlaryň üstünden gözegçiliksiz gülmegi däl-de, Müsüriň gözelligini we taryhyny alamatlandyrmaly. Müsüriň hökümeti bu ejir çekýän haýwanlary Gizadan aýyrmak üçin çäre görmeli” – diýip, PETA Asia-nyň wise-prezidenti Jeýson Beýker belledi.


04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7.1k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......