Bilermenler Ispaniýadaky tok öçmesiniň zyýanyny 4,5 mlrd ýewro diýip çaklaýarlar

  • 01.05.2025 20:22
  • 6.8k+

28-nji aprelde Ispaniýada elektrik togunyň sebit derejesinde öçmegi ýurduň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirip biler. RTVE bilen geçirilen gürrüňdeşlikde bilermenleriň aýtmagyna görä, ýeten zyýanyň möçberi 1 mlrd – 4,5 mlrd ýewro aralygynda üýtgeýär. Bu mukdarlar tok öçmesiniň dowamlylygyna we dürli pudaklara ýetiren täsirine baglydyr.

Granada uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory Fransisko Rodrigesiň aýtmagyna görä, bu waka ýurduň ýyllyk jemi içerki önüminiň 0,3%-ne çenli zyýan ýetirip biler.

«Eger-de paralizasiýa bütin gün dowam eden bolsady, ýitgi, takmynan, 4,5 mlrd ýewro bolardy. Emma günortandan soň elektrik üpjünçiliginiň gaýtadan dikeldilmegi kärhanalaryň işini bölekleýin dowam etdirmegine mümkinçilik berdi» — diýip, ol aýtdy.

ESADE-den professor Pedro Asnar hakyky zyýanyň Ispaniýanyň bir günlük JIÖ-niň 20-25%-ne barabar bolandygyny belleýär, bu bolsa 1,1 mlrd – 2,25 mlrd ýewro aralygynda bolýar. Ispaniýanyň telekeçi guramalarynyň konfederasiýasy (CEOE) bolsa, zyýanyň möçberini 1,6 mlrd ýewro diýip hasaplady, bu bolsa ýurduň JIÖ-niň, takmynan, 0,1%-ne deňdir.
Bu waka diňe bir Ispaniýa däl, eýsem Portugaliýa, Andorra hem-de Fransiýanyň käbir sebitlerine hem täsir etdi. Toguň näme sebäpden öçendigi henizem belli däl, emma bu wakanyň kiberhüjüm bilen baglanyşykly däldigi tassyklandy.
Bu wakanyň netijesinde, azyndan, bäş adam ýogaldy. 29-njy aprel irdene çenli, Ispaniýadaky öýleriň 99,16%-ne elektrik üpjünçiligi gaýtadan dikeldildi.


02.05.2026 13:28
4.5k+

Her dördünji ýaşaýjy – migrant: Ispaniýa 2 ýylda 2 milliondan gowrak adamy kabul etdi

2023-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda Ispaniýa 2 milliondan gowrak migrant geldi. Olaryň agramly bölegi Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenlerdir....

28.04.2026 22:49
1.9k+

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.03.2026 16:36
3.9k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...

16.01.2026 15:59
7.1k+

Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady. Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy...