Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy

  • 30.04.2025 11:33
  • 1k+

Microsoft kompaniýasy Copilot+PC-lary üçin Windows 11-iň aprel täzelenmesini çykardy. Onda emeli aňly üç sany täze funksiýa peýda boldy.

Recall-yň esasy funksiýasy şifrlenen skrinşotlary wagtal-wagtal enjamyň ýerli ammarynda ýatda saklamak bilen, fon režiminde işleýär. Ulanyjylar maglumatlary açar sözler, seneler we programmalar arkaly gözläp bilerler, ulgam bolsa Windows Hello autentifikasiýasy we maglumatlaryň saklanyşyna gözegçilik ýaly, çeýe gizlinlik sazlamalaryny hödürleýär.


Täzelenen Windows Search gös-göni enjamyň neýroprosessorynda (NPU) işleýän ykjam dil modelini ulanýar. Bu faýllaryň takyk atlaryny ýatda saklamazdan, tebigy dili ulanyp, gözleg geçirmäge mümkinçilik berýär. Microsoft täze gözlegiň Windows 10-dan 70% çaltdygyny, ýöne 40-dan gowrak TOPS öndürijiligi bolan NPU-ny talap edýändigini aýtdy.

Click to Do funksiýasy teksti jemlemek, terjime etmek we şekilleri redaktirlemek ýaly kontekste baglylyk mümkinçilikleri hödürleýär. Häzirlikçe diňe Snapdragon prosessorlary bolan enjamlarda doly işleýär, AMD Ryzen AI 300 we Intel Core Ultra 200V goldawy biraz gijräk peýda bolar.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......