Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi

  • 30.04.2025 11:28
  • 2.4k+

General Motors Braziliýada täze 2026-njy ýyl «Chevrolet S10 100 Years Edition» pikabyny resmi tavdan tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat gullugyna görä, ýörite wersiýa brendiň ýüz ýyllygyny bellemek üçin taýýarlanyldy we deňsiz-taýsyz modelleri çykarmak däbini dowam etdirýär.

Ýubileý wersiýasy başdan geçirmeler üçin niýetlenen eksklýuziw komplektasiýa bilen üpjün edildi. Pikap ýerden beýikligini 30 mm artdyrýan ýörite Ironman asma ulgamy, motory goramak üçin plastina, sport görnüşli duga, teker arkalarynyň giňeldijileri we ýolsuz ýerler üçin niýetlenen 18 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylan.
Bazadaky Z71 wersiýasy bilen deňeşdirilende, bu modelde 22 sany tapawut bar. Interýeri gara, oturgyçlary bolsa alkantara material bilen örtülüpdir. Standart görnüşde degişli zolakda saklamaga kömek edýän ulgam, yzdan gelýän ulaglar barada duýduryş berýän ulgam hem-de zyňyndylary 84 göterim azaldýan Arla 32 ulgamy bar.
Daşky görnüşi boýunça «Chevrolet S10 100 Years Edition» täze «White Dunes» (ak çägesöw) kuzow reňkinde hödürlenýär. Pikap 2,8 litrlik Duramax turbodizel hereketlendiriji we 8 basgançakly awtomatiki karobka bilen üpjün edilen.
Bu model eýýämden Braziliýadaky Chevrolet awtosergilerinde satuwa çykaryldy.


05.03.2025 10:54
3.8k+

Braziliýada 17 müň dollardan täze Volkswagen Tera krossoweri tanyşdyryldy

Volkswagen Rio-de-Žaneýro şäherinde başlangyç derejedäki «Tera» krossowerini hödürledi. Täze modeliň bahasy 17 müň bilen 24 müň dollar aralygynda bolup, ol Braziliýada «Fiat Pulse» we «Nissan Kicks» bilen bäsleşmek...

20.02.2025 13:57
1.6k+

Geely we Renault Braziliýada bilelikdäki awtomobil önümçiligine başlar

Fransiýanyň Renault awtoöndürijisi bilen hytaý holdingi Zhejiang Geely Holding Braziliýada zyňyndysy nol we pes derejeli awtomobilleriň bilelikdäki önümçiligi we satuwy barada şertnama baglaşylandygyny mälim etdiler...

16.08.2024 10:26
10k+

Toyota kompaniýasy Corolla, Hilux, Corolla Cross we Fortuner modelleriniň sowutlanan görnüşlerini çykardy

Toyota Braziliýada meşhur modelleriniň – Corolla sedanynyň, Corolla Cross krossoweriniň, Hilux pikapynyň we ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Fortuner awtoulagynyň (SW4) sowutlanan görnüşlerini çykardy diýip, IXBT...

31.05.2024 14:01
10k+

Braziliýa gibrid awtoulaglarda gant şugundyryndan alnan ýangyjy ulanmagy teklip edýär

Dünýäniň awtoulag senagaty litiý, nikel we kobalt batareýalaryna ünsi jemleýän bolsa, Braziliýanyň öndürijileri gant şugundyryndan alnan bio-ýangyç bilen işleýän gibrid awtoulaglarda geljegi görýärler. Etanol öndürýän...