Braziliýada 17 müň dollardan täze Volkswagen Tera krossoweri tanyşdyryldy

  • 05.03.2025 10:54
  • 4.1k+

Volkswagen Rio-de-Žaneýro şäherinde başlangyç derejedäki «Tera» krossowerini hödürledi. Täze modeliň bahasy 17 müň bilen 24 müň dollar aralygynda bolup, ol Braziliýada «Fiat Pulse» we «Nissan Kicks» bilen bäsleşmek üçin işlenip düzüldi.

Bu model Braziliýanyň Taubate şäherinde dolulygyna noldan öndürilip, şol ýerde hem önümçilige goýberiler diýip, «Motor1» neşiri belleýär.
Ölçegleri boýunça ulag «Polo» modeline golaý: uzynlygy – 4074 mm, teker bazasy – 2566 mm.


Dizaýny üçin «Tiguan» we «Taos» modellerinden ylham alnan. Model LED fara, yzky fonarlar, gapdaldaky howa girişleri we 17 dýuýmlyk sport tekerleri bilen üpjün edilen. Salony bolsa ID. elektrik ulaglarynyň stiline meňzeýär – onda sanly gurallar paneli we multimediýa ekrany bar. «Tera» modeli VW Play Connect ulgamyna, simsiz zarýad beriş funksiýasyna we panel yşyklandyryşyna eýe bolar.
Häzirki wagtda hereketlendiriji ulgamy barada maglumat ýok.


14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.5k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.2k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......