Wodorodda uçýan Robinson R44 dikuçary uçuş synaglaryndan üstünlikli geçdi

  • 29.04.2025 20:57
  • 3.8k+

Mart aýynyň ahyrynda Kanadanyň Kwebek welaýatynyň Bromon şäherindäki Roland-Desurdi howa menzilinde wodorodly ýangyç elementleri bilen işleýän Robinson R44 dikuçarynyň ilkinji uçarmanly uçuşy üstünlikli synag edildi. Synaglar emeli usulda ösdürilip ýetişdirilen organlary daşamak üçin howa ulaglaryny işläp düzmek bilen meşgullanýan United Therapeutics kompaniýasynyň golçur kärhanasy tarapyndan gurnaldy diýip, «NotebookCheck.net» habar berýär.

Dikuçar 3 minut 16 sekunt howada uçdy. Energiýanyň, takmynan, 90%-i ýangyç elementlerinden alnan bolsa, galan bölegi akkumulýator batareýasy bilen üpjün edildi. Dikuçary uçarman Rik Uebb dolandyrypdyr.
Dikuçaryň guýrugynyň aşagynda ýerleşdirilen wodorod saklaýyş ulgamy gaz halyndaky wodorody ulanýar, ýöne 2025-nji ýylda suwuk wodoroda geçmek meýilleşdirilýär. Bu ädim uçuş aralygyny artdyrar, bu bolsa organ daşamak boýunça ýerine ýetirilýän missiýalar üçin örän möhüm hasaplanylýar.


Dikuçaryň elektrohereketlendirijisi MagniX kompaniýasy tarapyndan döredildi. Ýangyç elementlerini gowy sowatmak üçin uly daşarky modullar ulanylýar. Kämilleşdirmeler Unither we Robinson Helicopter kompaniýalarynyň bilelikde alyp barýan Proticity taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar. Kompaniýalar indi has ykjam wodorod ulgamy bilen enjamlaşdyrylan, üýtgedilen R66 dikuçarynyň uçuş synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär.

şu gün 13:48
769

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......