Türkmenistanda Kolumbiýanyň täze bellenen ilçisi işe girişdi

  • 29.04.2025 14:23
  • 4.6k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçä Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň düzümi, onuň alyp barýan işi hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Şol gün Ektor Isidro Arenas Neýra şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen hem duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň, şeýle hem  Türkmenistanyň Mejlisiniň we Kolumbiýa Respublikasynyň Kongresiniň arasynda parlamentara dostluk toparyny döretmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary kolumbiýa tarapynyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirdi.
Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.


şu gün 14:16
739

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......