Zacoe awtobezeg ussahanasy Ferrari SF90-ny F-35 söweşjeň uçarynyň äheňinde bezeg etdi

  • 28.04.2025 17:22
  • 4.5k+

Zacoe Performance atelýesi Ferrari SF90 Stradale üçin týuningiň täze iki sany görnüşini döretdi. Birinji toplum - gury uglerod süýüminden ýasalan karbon obwes. Ol korpusyň asylky suduryny we superkaryň firma owadanlygyny saklamak bilen bir hatarda, awtoulagyň agramyny ýeňledýär we aerodinamikany gowulandyrýar.

Munuň alternatiwasy F-35 söweşjeň uçarynyň äheňinde ýasalan "Lightning" toplumy boldy. Oňa giňeldilen ganatlar, howa akymy üçin ugrukdyryjyly öňdäki spoýler, gapdal ýubkalar we uglerod süýüminden ýasalan ýaýbaň arka ganat girýär.
Iki görnüş hem kuwwaty 1000 at güýjünden hem gowrak bolan gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylan SF90 Stradale we Spider modellerine laýyk gelýär.
Zacoe-nyň týuningi diňe bir awtoulagyňyzyň daşky görnüşini şahsylaşdyrmaga däl, eýsem aerodinamiki aýratynlyklaryny goşmaça güýçlendirmäge-de mümkinçilik berýär. Sport awtoulaglarynyň birmeňzeşleşýän şertlerinde SF90-nyň eýelerine tapawutlanmaga we öz aýratynlygyny nygtamaga mümkinçilik bar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......