Dünýäniň iň uly teleskobynyň gümmezi gurlup tamamlandy, ol işe girizmäge taýynlanýar

  • 28.04.2025 16:31
  • 8.2k+

Çiliniň Atakama çölünde ýerleşýän dünýäniň iň uly teleskoby bolan Extremely Large Telescope (ELT) teleskobynyň gümmeziniň we süýşürilýän gapylarynyň gurluşygy tamamlandy. Bu barada «PetaPixel» habar berýär.

Diametri 93 metr, beýikligi bolsa 80 metr bolan gurluşda Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) we Çiliniň baýdaklary asyldy.
Işleriň indiki tapgyry – optiki enjamlaryň, şol sanda diametri 39 metr bolan esasy aýnanyň (M1) oturdylmagy bolar.
ELT iň güýçli optiki teleskop bolar, ol astronomlara ekzoplanetalary, irki galaktikalary we gara maddanyň häsiýetlerini öwrenmäge kömek eder.
Neşir edilen suratlarda gümmeziň üstünde Akmaýanyň ýolunyň kümüşsöw guşagy görünýär. Açylan üçekden optiki ulgamyň oturdyljak metal gurluşy göze ilýär.
Gümmez enjamlary Atakama çölüniň ýowuz şertlerinden goraýar. Gündizlerine ýapylýar, gijelerine bolsa gözegçilik üçin açylýar. Teleskop ilkinji suratlary 2028-nji ýylda düşürip başlar.



şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......