Tesla çagalary goramak üçin mobil goşundysyna täze funksiýa girizdi

  • 28.04.2025 16:12
  • 3.4k+

Tesla mobil goşundysyna «Child Left Alone Detection» funksiýasyny goşdy. Bu funksiýa ulagda unudylan çagalary goramak üçin niýetlenendir. 4.44.0 täzelenmesi öňden bar bolan 4D radar we salonyň içindäki hereket duýujy enjamlar bilen bilelikde, howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan çäreleriň bir bölegi boldy. Bu barada «Teslarati» ýazýar.

Täze ulgam eger ulagyň içinde çaganyň bardygyny ýüze çykarsa, howa dolandyryş ulgamynyň uzakdan öçürilmegine ýol bermeýär. Şeýle-de bolsa, ulagyň içinde ýolagçylar bar wagty, mobil goşundy arkaly programma üpjünçiligini täzelemek mümkin däl. Bu çäreleriň maksady – ulagyň içinde amatly temperaturany saklamak we ulagyň içiniň gyzyp gitmeginiň öňüni almakdyr.
2024-nji ýylyň maglumatlaryna görä, dünýä boýunça her ýyl «onlarça» çaga ulagda galyp, heläkçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Tesla-nyň täze girizen mümkinçilikleri şeýle pajygaly wakalaryň öňüni almagy maksat edinýär we brendiň, aýratyn-da çagaly maşgalalar üçin niýetlenen ulaglarynyň howpsuzlygyna berýän aýratyn ünsüni görkezýär.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......