Şanhaýda halkasyz we baş harplar bilen ýazylan täze brendden AUDI E5 Sportback hödürlendi

  • 28.04.2025 13:32
  • 7.4k+

2025-nji ýylyň Şanhaý awtosalonynda täze AUDI brendiniň ilkinji köpçülikleýin elektromobili görkezildi. Täze brendiň ady indi baş harplar bilen ýazylýar we adaty dört halkaly logotipden aýryldy.

Täze E5 Sportback – bu 5 metrlik uniwersal. Ol ýiti we adaty däl dizaýny bilen tapawutlanýar: öňünde we yzynda yşyklandyrylan paneller, uly yzky spoýler we kuzowa salnan gapy tutarlary.
Awtomobiliň salony 27 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edildi. Salon alkantara bilen bezeldi, ýagtylandyryş bolsa sürüjiniň şähdine ýa-da saýlanan sürüş režimine baglylykda üýtgeýär. Funksiýalary emeli aňa esaslanýan ses kömekçisiniň kömegi bilen dolandyrmak bolýar.
Howpsuzlyk üçin E5 Sportback 30 töweregi datçik we lidar bilen enjamlaşdyryldy. Adaptiw kruiz-dolandyryş ýolyşyklary görýär, päsgelçiliklerden aýlanyp geçýär we çagalary, welosipedçileri hem üç tigirli ulag serişdelerini tapawutlandyrýar. Awtomatik duralga ulgamy adaty awtoulag duralgalaryny ýatda saklaýar.
Elektromobil 299-dan 787 at güýjüne çenli kuwwatly enjamlar bilen hödürlenýär. Iň güýçli wersiýa 3,4 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar. 800 woltlyk batareýanyň bir zarýadynda E5 Sportback 770 km çenli ýol geçýär.
Satuw 2025-nji ýylyň tomsunda başlar. 


29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.5k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......