Baýramçylyk at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny Bezirgen atly at aldy

  • 28.04.2025 13:24
  • 7.8k+

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi.

Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi. Onda pellehana birinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Babadaş atly mele aty gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary R.Agamyradow.
Ikinji çapyşykda hem aralyk 1400 metr boldy. Bu çapyşykda bedewler nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Goar II atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.
Üçünji çapyşykda bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda çapyksuwar D.Azadowyň erk etmeginde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Ýagmyrly atly dor aty ýeňiş gazandy.
Dördünji çapyşykda bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gazanar atly al aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow.
Bäşinji çapyşyk gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga ýaryşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew.
Altynjy çapyşykda dört we ulyýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Gudratlydag atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle-de şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Polat atly bedew diňe ýyndamlygyň däl, eýsem, çydamlylygyň hem iň gowy nusgasyny görkezdi. Onuň çapyksuwary S.Seýidow.
Päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşikde Altynhan atly bedew birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary Y.Çopanow.
Jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.


18.05.2026 17:46
1.9k+

Türkmenistanyň küştçüleri Astanadaky ýaryşlarda dört medal gazandy

Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy....

16.05.2026 11:13
8.8k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.5k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....