Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 28.04.2025 00:29
  • 6.7k+

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda olary sylaglamak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Bäsleşigiň çäklerinde haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

“Bedew batly Watanym” atly haly eseri üçin
Ý.Gulow, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň birinji derejeli hünärmeni;

“Altyn bezeg” atly at şaý-sep toplumy üçin
Ş.Orazberdiýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy;

“Behişdi bedewler” atly nakgaşlyk eseri üçin
J.Gurbanow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby;

“Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi” atly heýkel eseri üçin
G,Hanow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby;

“Şa serpaýly bedewli halylar” atly senenama neşir işi üçin
A.Gutlyýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby;

“Owazasy dünýä dolan “Galkynyş” atly wideoşekili üçin
B.Garlyýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň operatorlar bölüminiň bölüm müdiri.

Ýeňijilere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.


şu gün 10:55
2.8k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......