Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk akademiýasynda bedew baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

  • 27.04.2025 17:37
  • 10k+

26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy.
Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýan ahalteke bedewler sowgat berildi.
Döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Arkaç, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gazal, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Diýar, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Güneş, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Pälwan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ynamly, Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan Parahat atly ajaýyp bedewler sowgat berildi.


Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa Watançy atly bedew sowgat berildi.
Döwlet Baştutany Arkadag şäheriniň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Parahat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy.
Soňra «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy. Olar Garaduman diýen gara, Jaňlygara, Pereňdagly atly gurt mele, Meleguş, Patrak, Meýdanly, Gözbaş, Watançy atly mele, Pähimli, Kerwen atly dor atlardyr.
Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi.
Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2020-nji ýylda doglan, Gerden we Tugly diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişli Meleguş diýen mele at mynasyp boldy.


şu gün 10:55
2.8k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......