Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

  • 27.04.2025 17:24
  • 4.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, atşynaslary ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady.

"Häzirki döwürde ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu festiwalyň Altyn baýragyna hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen bedewleriniň gadymy mekanynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň ýurdumyzda we dünýäde ahalteke atçylygynyň ösdürilmeginde, bu babatda alnyp barylýan işleriň döwrebap ýola goýulmagynda möhüm ähmiýetini belläp geçýär.

"Milli atşynaslyk sungatyny we atly sporty ösdürmekde dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär. Eziz Diýarymyzda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherinde atçylyk boýunça ýokary okuw mekdebi bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem sebitde ilkinji «akylly» şäherde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi atçylygy ylmy esaslarda öwrenmäge uly itergi berdi" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutany geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli tejribeleri alyşmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek boýunça zerur işleriň geçiriljekdigini nygtady.


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......