"Türkmennebit" we "PETRONAS" Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

  • 27.04.2025 16:27
  • 5.8k+

24-nji aprelde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2025) çäklerinde "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd." kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu resminama Hazar deňziniň türkmen bölegindäki bäş deňiz gözleg blogunda işleriň alnyp barylmagyny düzgünleşdirýär.
Umumy mejlisde "PETRONAS" toparynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammet Taufik Tengku Kamadja Aziz Türkmenistanyň strategik energetiki hyzmatdaş hökmünde ähmiýetini belläp, Malaýziýa bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.
"PETRONAS" kompaniýasy Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar. Deňiz ýatagynda önüm paýlaşmak boýunça ilkinji şertnamanyň baglaşylmagy we Gyýanlyda taslama kuwwaty ýyllyk 5 milliard kub metr gaz hem-de 2,4 million tonna gaz kondensatyny öndürýän gazy gaýtadan işleýän zawod bilen terminalyň işe girizilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy.

Taraplar nebitgaz toplumynda we maýa goýum pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we iki ýurduň kanunçylygyna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Hususan-da, uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we daşamak boýunça uzak möhletleýin maýa goýumlaryny çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...