Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin hat tapyldy

  • 27.04.2025 12:04
  • 6.1k+

Sorbonna uniwersitetiniň müsüri öwreniji alymy Žan-Giýom Olett-Pelletýe Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin haty tapdy. Bu barada Daily Mail gazeti habar berdi.

Obelisk, takmynan, b.e. öňki 1250-nji ýylda faraon Ramses II-niň döwründe gurlupdyr. XIX asyrda ol Fransiýa sowgat edilipdir we 1836-njy ýylda bolsa patyşa Lui Filipp I-niň permany bilen Fransiýanyň paýtagtyndaky Raýdaşlyk meýdançasynyň merkezinde oturdylypdyr.
Boýy 23 metr we agramy 227 tonna töweregi bolan ýadygärlik gyzyl granitiň tutuş böleginden kesip ýasalypdyr we altyn piramida bilen sazlaşýar. Onuň taýy henizem Lýuksorda dur.
Uzak wagt bäri obeliskdäki ýazgylaryň hemmesiniň eýýäm şifrlenendigine ynanýardylar. Emma 2020-nji ýylda başlanan barlagyň dowamynda Olett-Pelletýe täze “kriptoiýeroglifleri” - diňe ruhanylara we barly topara düşnükli bolan  nyşanlary tapdy. Ol 200 ýyl töweregi wagtyň içinde ýadygärligiň depesine çykmaga rugsat berlen ilkinji alym boldy. Alym öz işi üçin 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde dikilen gurluşyk agaçlaryny ulandy.
Barlagçy obeliskiň gündogar tarapynda, faraon Ramses II-niň kellesindäki öküz şahlarynyň şekiliniň ýaşaýşyň güýjüni aňladýan "ka" sözüni emele getirýändigini gördi.
Doktor Olett-Pelletýe ýakyn wagtda eden işleriniň netijelerini ENIM ylmy žurnalynda çap eder.
Ramses II Gadymy Müsüriň XIX nesilşalygynyň üçünji hökümdarydy. Ol 25 ýaşynda tagta çykdy we tutuş ýurduň çäginde ýaýbaňlandyran iri gurluşyk taslamalary bilen meşhur boldy. Taryhy ýyl ýazgylaryna görä, ol 67 ýyllap hökümdarlyk eden döwründe, beýleki faraonlardan has köp ybadathana gurdurypdyr. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan iň uly desgalaryň arasynda Abidosdaky, Fiwydaky, Edfudaky ybadathanalar bar, şeýle hem Abu-Simbeldäki iki gowak ybadathanasyny görkezmek bolar, olaryň gurluşygy iki onýyllyk dowam edipdir.


düýn 14:28
1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......