Ummanlaryň gyzmagy merjenleriň 80%-den gowragyna ýok bolup gitmek howpuny salýar

  • 27.04.2025 11:59
  • 5.4k+

Ummanlaryň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli planetanyň merjenleriň 80%-den gowragynyň reňki soldy. Halkara Merjen gaýalary başlangyjy (ICRI) tarapyndan berlen hasabatda olaryň köpçülikleýin ýok bolup gitmek howpy barada aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2025-nji ýylyň 30-njy martyna çenli ýylylyk basyşy merjen gaýalarynyň 84%-ine täsir etdi. 82 ýurda, sebite we ykdysadyýete zyýan ýetdi diýip, guramanyň metbugat habarynda aýdylýar.
Hünärmenleriň baha bermegine görä, bu gözegçilikleriň tutuş taryhynda global reňk solmanyň geriminiň iň uly bolan döwrüdir. Bu eýýäm 1998-nji ýyldan bäri dördünji ýagdaýdyr we depgini boýunça 2014-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli bellige alnan öňki ýazgydan ýokary boldy. Şonda gaýalaryň üçden iki böleginden gowragyna zeper ýetipdi.
Merjenleriň reňkiniň solmagy ummanlaryň gyzmagy we adamyň täsir etmeginde  howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly. Ýagtylyk stresi şertlerinde merjenler özlerini reňk we iýmit bilen üpjün edýän simbiotik suwotulary ýitirýärler. Suwuň temperaturasy uzak wagtlap kadaly ýagdaýa gelmedik ýagdaýynda, merjenler ölýär.
Ýewropanyň Copernicus howa gullugynyň berýän maglumatyna görä, 2024-nji ýyl gözegçilikleriň bütin taryhynda iň maýyl ýyl boldy. Ummanyň ortaça ýyllyk temperaturasy rekord derejede 20,87° C boldy. Ilkinji gezek dünýäde ortaça temperatura senagatdan öňki derejeden 1,5° C geçdi.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......