UEFA indiki möwsümden Çempionlar ligasynda goşmaça wagty aýyrmagy maslahatlaşýar

  • 25.04.2025 16:28
  • 8.7k+

UEFA täze möwsümden Çempionlar ligasynyň düzgünlerini üýtgetmek mümkinçiligini öwrenýär. Bild-iň maglumatlaryna görä, gurama täze düzgünleri girizmek barada klublar bilen pikir alyşýar.

Teklipleriň biri – pleý-off oýunlarynda goşmaça wagty aýyrmak. Iki oýnuň netijesinde hasap deňme-deň bolan ýagdaýynda penalti tapgyryny bellemek teklip edilýär. Bu üýtgeşmeler oýunçylaryň fiziki taýdan ýadamagy bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle-de, umumy tapgyryň jedwelindäki gönüden-göni 1/8 finala çykýan ilkinji 8 topar üçin täze düzgün ara alnyp maslahatlaşylýar. Olara pes orunlary eýelän toparlar bilen ähli pleý-off tapgyrlarynyň jogap oýunlaryny öýünde oýnamak teklip edilýär. Häzire çenli bu düzgün diňe 1/8 finala degişlidi. Mysal üçin, “Arsenal” (umumy tapgyryň netijesi boýunça 3-nji) çärýek finalda “Real” (11) bilen duşuşdy, ýöne jogap oýnuny öz öýünde oýnamak hukugyny gazanmady. Eger täze düzgün eýýäm häzir hereket edýän bolsa, “Arsenal” “PSŽ” (15) bilen birinji ýarym final oýnuny Londonda däl-de, Parižde geçirerdi.  
Mundan başga-da, UEFA bir ýurtdan bolan klublaryň biri-biri bilen dörtden bir finala çenli duşuşmazlygyny gazanmak isleýär. Çünki, irki tapgyrlarda şeýle oýunlar janköýerler we telewideniýe üçin kän bir özüne çekiji hasaplanmaýar.
UEFA-nyň Ýaryşlar boýunça komiteti bu üýtgeşmeler barada gutarnykly çözgüdi 30-njy maýda Mýunhendäki assambleýada kabul edip biler. Eger Komitetiň çözgüdi oňyn bolsa, teklipler UEFA-nyň ýerine ýetiriji komitetine tassyklamak üçin geçiriler. 


düýn 17:07
7.2k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....