Şanhaýdaky awtosergide BMW 3 Series-iň 50 ýyllygyna bagyşlanan ýörite wersiýasy görkezildi

  • 25.04.2025 15:57
  • 5.2k+

Şanhaýdaky halkara awtosergide BMW kompaniýasy «3 Series» modeliniň 50 ýyllygyna bagyşlanan, çäkli nusgada çykarylan wersiýasyny görkezdi. Ondan 2500 sanysy öndüriler we olaryň ählisi diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir.

Bahalary komplektasiýasyna görä 344,9 müňden 359,9 müň ýuana çenli (47,1 müňden 49,2 müň dollara çenli) üýtgeýär.
Awtoulag deňsiz-taýsyz kuzow reňkleri bilen tapawutlanýar – ýalpyldamaýan (mat) çal we Thunder Violet. Bu reňkler ozal diňe BMW Individual maksatnamasy arkaly elýeterli bolupdy. Ulag täze 19 dýuýmlyk diskler bilen enjamlaşdyryldy. Ilkinji gezek Hytaý bazary üçin taýýarlanan wersiýanyň oturgyçlarynda, rulynda we gapylarynda alkantara bezegler ulanyldy. Salondaky aýratynlyklaryň arasynda ruldaky gyzyl bellik, «50 Years» ýazgyly uglerod süýümli detallar we ýubileý logotipleri (oturgyçlaryň başynda we karobkanyň selektorynda) bar.
Awtoulagy 2,0 litrlik benzinli turbomotor herekete getirýär, ol sekiz basgançakly ZF awtomatiki karobka bilen işleýär. Yzky tigirlerden we ähli tekerlerden herekete getirilýän görnüşleri bar. Şeýle hem ýerli bazaryň aýratynlyklaryna laýyklykda, üýtgedilen elektrikli «i3» wersiýasy hödürlenýär.
Multimediýa ulgamy BMW OS ulgamynda işleýär we «nol derejeli» interfeýs bilen üpjün edilen – ulanyjy ähli funksiýalara gönüden-göni, menýulardan geçmän girip bilýär. Şeýle-de ulagda buýruk sözlerini aýtmazdan işjeňleşýän sesli kömekçi bar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......