Ýyldyzlaryň arasynda meşhur bolan Angliýadaky ada $33 milliona satuwa çykaryldy

  • 25.04.2025 15:01
  • 6.8k+

Angliýanyň Blekuoter derýasynyň guýýan ýerinde, Moldon şäheriniň golaýynda ýerleşýän hususy Osi adasy satuwa çykaryldy. Onuň bahasy – 33 million dollar.

Bu ada şou-biznes ýyldyzlary tarapyndan ýygy-ýygydan albom ýazmak, wideoklip düşürmek we toý dabaralaryny geçirmek üçin ulanylýar diýip, «BBC» ýazýar.

«Fine and Country» emläk agentligine görä, bu ada uly gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, meşhur repçi Stormzy şu ýerde «This Is What I Mean» atly albomynyň üstünde işläpdir.

«Eýýäm birnäçe teklip aldyk, hatda olaryň käbiri goýlan bahadan hem ýokary» — diýip, agentligiň wekili Saýmon Pelling aýtdy.

Bu adany 2012-nji ýylda çykan «Gara eşikli aýal» (The Woman in Black) atly filmde hem görmek bolýar. Şeýle hem bu ýeri aýdymçy Rianna we aýdymçy Olli Mýors ýaly meşhurlar kärendesine alyp ulanypdyr. Hatda Olli Mýors toýuny hem şu ýerde geçiripdir.

«Ada häzirkisi ýaly, çäre meýdançasy ýa-da ýokary derejeli kärende emlägi hökmünde ulanjak operatorlaryň eline geçer diýip pikir edýäris» — diýip, Pelling aýtdy.

Tutýan meýdany 1,5 inedördül kilometr bolan ada Londonyň golaýynda ýerleşýär. Ol esasan-da tolkunlaryň möwjeýän döwründe, gözel tebigat bilen başa-baş galmak isleýänler üçin iň gowy pursatlary hödürleýär.


04.12.2024 15:15
5.5k+

Angliýada 400 ýyldan soň myhmanlar üçin Genrih I-niň diňi açyldy

Beýik Britaniýada tas 400 ýyldan soň ilkinji gezek Wilgelm Basybalyjynyň ogly üçin gurlan Şa diňi myhmanlar üçin açyldy. Bu barada The Guardian habar berýär. Şa diňi 1107-nji ýylda Wilgelm Genrih I-niň ogly üçin...

30.11.2024 13:40
19k+

Dünýäniň iň gowy 100 şäheri aýdyldy. Birinji orny 10 ýyl bäri şol bir şäher eýeleýär

Resonance Consultancy konsalting kompaniýasy tarapyndan düzülen The World’s 100 Best Cities 2024 reýtinginde on ýyl bäri London birinji orunda durýar. Taslamanyň web sahypasynda bellenip geçilişi ýaly, iňlis paýtagty...

17.10.2024 15:24
11k+

Angliýaly zenan howa şarynda 118 ýurda syýahat etdi

Angliýaly zenan Elli Dannington howa şarynda baryp gören ýurtlarynyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ruptly agentligine salgylanyp, iz.ru habar berýär. Özbegistan syýahatçy zenan üçin 118-nji ýurt...

21.02.2024 07:54
35k+

"Türkmenhowaýollary" 4 sany halkara gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy täze açylan we hereket edýän Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere...