Angliýada 400 ýyldan soň myhmanlar üçin Genrih I-niň diňi açyldy

  • 04.12.2024 15:15
  • 5.7k+

Beýik Britaniýada tas 400 ýyldan soň ilkinji gezek Wilgelm Basybalyjynyň ogly üçin gurlan Şa diňi myhmanlar üçin açyldy. Bu barada The Guardian habar berýär.

Şa diňi 1107-nji ýylda Wilgelm Genrih I-niň ogly üçin Purbek ýarym adasyndaky baýyrlygyň depesinde ýerleşen Korf galasynda guruldy. Ýalpyldaýan ak hek daşyndan gurlan 23 metrlik diň Gehrihiň iň ýokary ülňülere laýyklykda gurlan we uzakdaky raýatlaryny görmek üçin “syn ediş gapysyny” öz içine alýan hususy penthausydy.
Asyrlarboýy şa galasy bolup galan bu desga 1646-njy ýyldaky raýatlyk urşy döwründe bölekleýin ýumruldy. Şa diňiniň diwarlary saklanyp galsa-da, olara güýçli zeper ýetdi we şondan bäri onuň ýokarky otaglary köpçülik üçin ýapyldy.
378 ýyldan soň galanyň häzirki eýesi National Trust tarapyndan gurlan täze wagtlaýyn syn ediş meýdançasynyň kömegi bilen ýagdaý üýtgedi. Indi myhmanlar galanyň içindäki basgançak arkaly ýokaryk galyp, patyşanyň kaşaň otaglarynyň galyndylaryny hem-de penjireden görnüşi görüp bilerler. Ekskursiýa üçin petegiň bahasy 5 – 15 funt sterlinge barabar.
Galanyň ulanylyşy boýunça menejer Jeýms Gulduň aýtmagyna görä, bu taslama desganyň üçýyllyk abatlaýyş işleriniň bir bölegi boldy.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......