Lexus ES modeliniň sekizinji neslini görkezdi. Ol indiki ýyl satuwa çykar

  • 24.04.2025 22:58
  • 12k+

Lexus kompaniýasy Şanhaý awtosergisinde sekizinji nesil «ES» sedanyny görkezdi. Täze ulag modeliň taryhyndaky iň uly täzelenmä eýe boldy.

Adatça, Hytaýda esasan ýerli bazar üçin niýetlenen ulaglar görkezilýär, emma bu gezek Lexus dünýä bazary üçin niýetlenen geljekki modeliň nusgasyny köpçülige ýetirdi. Täze biznes-sedanyň 2026-njy ýylyň ortalarynda satuwa çykmagyna garaşylýar.
Täze model indi «Camry-nyň» kaşaň görnüşi hökmünde çykmaýar. Sekizinji nesil «ES-iň» esasyndaky TNGA-K platformasy täzelenmeden soň, indi elektrokarlar bilen hem sazlaşýar.
Awtoulagyň dizaýny täzeden işlenip düzülipdir: ol indi liftbege meňzeýär, ýöne resmi taýdan sedan bolmagynda galýar. Öňki radiator gözeneginiň ornuna indi ýönekeýleşdirilen logotip ýerleşdirilipdir. Brendiň ady bolsa indi kuzowyň arka tarapynda ýerleşýär.
Modeliň ölçegleri hem artdy. Uzynlygy – 5140 mm (öňki görnüşinden 165 mm uzyn), ini – 1920 mm. Beýikligi bolsa görnüşine görä üýtgeýär: gibrid görnüşinde 1555 mm, elektrikli görnüşinde bolsa 1560 mm. Teker bazasy hem 2950 mm-e çenli uzaldylyp, 80 mm artdy.
Esasy täzelik – elektrik görnüşleriniň peýda bolmagy. «ES 350e» modeli öňdäki tigirlerden herekete getirilýär we 224 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji bilen üpjün edilýär. «ES 500e» görnüşi bolsa doly herekete getiriji ulgam we jemi 343 at güýjüni öndürýän iki sany hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Akkumulýatorlarynyň kuwwaty we bir gezeklik zarýad bilen geçýän aralyklary heniz mälim edilmedi. Elektromobilleriň faralarynyň arasynda, gibridlerde bolşy ýaly, howa girelgesi ýok.
Gibrid görnüşler hem hatarda galýar. Ýewropada «ES 300h» (201 at güýjünde) öňdäki ýa-da ähli tigirlerden herekete getirilýän görnüşlerde hödürlener. Beýleki ýurtlarda bolsa «ES 350h» (247 at güýjünde) şol bir herekete getirilýän görnüşleri bilen elýeterli bolar. Bu görnüşleriň ikisi hem 2,5 litrlik hereketlendiriji we eCVT görnüşli karobka bilen üpjün edilýär. Akkumulýatorlar öňküsinden ulaldyldy, emma olaryň tehniki aýratynlyklary mälim edilmedi.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....