NASA: jaýryklar we howanyň syzmagy HKS-niň howpsuzlygyna zyýan ýetirýär

  • 24.04.2025 12:20
  • 3.9k+

Halkara kosmos stansiýasy (HKS) öz işiniň töwekgelçilikli döwrüni başdan geçirýär. Howpsuzlyk boýunça konsultatiw toparynyň mejlisinde NASA-nyň hünärmenleri stansiýada jaýryklaryň peýda bolandygyny, howanyň syzýandygyny we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

Stansiýany 2030-njy ýyla ulanylyşdan çykarmak meýilleşdirilýär, ýöne bu möhletiň golaýlamagy bilen töwekgelçilikler hem artýar. Russiýanyň “Ýyldyz” modulynda howanyň syzmagy ýüze çykaryldy, stansiýany gyssagly Ýere getirmek boýunça takyk meýilnama bolsa heniz taýýar däl.
Şeýle-de, stansiýa ýaşaýşy üpjün etmek üçin zerur bolan enjamlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýükleri ugratmagyň gijikdirilmegi bolsa bu ýagdaýy has ýitileşdirýär: mysal üçin, Sierra Space-iň Dream Chaser gämisiniň uçurylmagy tomsuň ahyryna süýşürildi, Cygnus NG-22 missiýasy bolsa ýatyryldy.
NASA we halkara hyzmatdaşlar meseläni çözmegiň usullaryny gözleýär, ýöne bu býujetiň çäklidigi we wagtyň azdygy sebäpli kynlaşýar. Bu meseleleriň ählisi stansiýanyň bolup biljek heläkçilikleriň öňünde gowşaklygyny ýokarlandyrýar. 


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....