Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi

  • 24.04.2025 10:21
  • 2.1k+

23-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi. Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýurdumyzdan we daşary döwletlerden atşynaslar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine assosiasiýa tarapyndan alnyp barlan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak, assosiasiýa täze agzalary kabul etmek hem-de beýleki guramaçylyk meseleleri girizildi.
Mejlisiň barşynda 
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, Türkmenistanyň at gazanan atşynaslary, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina Ýakob, ABŞ-nyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Eýle Keýt, Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo, Fransiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloiza Žirardy sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
Şeýle hem mejlisde sanly ulgam arkaly çykyş eden daşary ýurtly wekiller «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem olar öz ýurtlarynda geçirilýän sirk festiwallarynda bu toparyň wekilleriniň çykyşlaryna tomaşa etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdylar.
Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri bilen bagly meselä hem seredilip, bu boýunça degişli çözgüt kabul edildi.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......