Çendenaşa sary, çendenaşa güýçli: Mansory ýagty salony bilen täzeden bezelen Audi RS Q8-i hödürledi

  • 23.04.2025 14:11
  • 6.5k+

Mansory kompaniýasy «Audi RS Q8» kysymly ulagy düýpli täzeden işläp taýýarlady: onuň tehniki aýratynlyklary kämilleşdirildi, daşky görnüşi we interýeri bolsa düýpgöter üýtgedildi. Täze týuning toplumy karbon elementleri, gara radiator gözenegini, täzeden işlenip taýýarlanan bamperleri we agressiw howa akym elementlerini öz içine alýar. Bu barada «Carscoops» habar berýär.

Daşky görnüşi sary-gara reňkli diskleri, giňeldilen teker arkalyklary, aerodinamik ýubkalary we birnäçe spoýleri bilen tapawutlanýar. Ulagyň arka tarapynda bolsa diffuzor we üç sany tüsse çykaryjy turba ornaşdyryldy, olar standart ulgamyň ýerine geçdi.
Salony – tutuş sary: bu reňk ýagty deriden tikilen oturgyçlary, torpedony (öňdäki paneli), gapy panellerini, sütünleri we hatda halylary hem gurşap alýar.
«Audi RS Q8-iň» tehniki aýratynlyklary babatda bolsa, onuň hereketlendirijisiniň kuwwaty 986 at güýjüne çenli ýokarlandyryldy, aýlanyş pursady (torky) bolsa 1250 Nm-e ýetýär. Bu kämilleşdirmeler täze turbokompressorlar, täzeden işlenip düzülen programma üpjünçiligi, sport howa süzgüji we beýleki birnäçe tehniki üýtgeşmeler arkaly gazanyldy.






09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...